Türkmenistan Seulda Ählumumy Ýaşyl ösüş institutynyň forumyna gatnaşdy
17.10.2024 | 16:40 |16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary Nury Jumaşow Seulda Ählumumy Ýaşyl ösüş instituty (GGGI) tarapyndan guralan ministrler derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy. GGGI maslahaty ýaşyl ösüş babatda öňdebaryjy tejribe alyşmaga we Pariž ylalaşygynyň we “NetZero” maksatlaryny durmuşa geçirmäge bagyşlandy.
Forumda Jumaşow ekologiýa deňagramlylygyny üpjün etmekde, daşky gurşawa senagat täsirini peseltmekde, arassa tehnologiýalary we energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmakda Türkmenistanyň tagallalary barada aýdyp geçdi.
Mundan başga-da, Nury Jumaşow Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy esasynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar sebit merkezini döretmek boýunça öňde goýulan işlerine üns çekdi.
Şol günüň özünde türkmen wekiliýeti Ählumumy Ýaşyl ösüş institutynyň başlygy Pan Gi Mun bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirdi. Pan Gi Mun türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň işine we köptaraply türkmen-koreý hyzmatdaşlygyna goşýan goşandy barada belläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň “ýaşyl” başlangyçlaryna berýän goldawyna ýokary baha berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ýaşyl tehnologiýalar we tokaýlary durnukly ulanmak ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollary barada maslahatlaşdylar diýip, Koreýa Respublikasynda türkmen ilçihanasynyň habarynda bellenilýär.
ORIENT news