"Türkmenaragatnaşyk" we BMGÖM elektron hökümet esaslarynyň "demo" görnüşini hödürlediler
14.11.2024 | 14:20 |“Men aýratyn begenýärin “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň stendiniň ýanynda duranyma, biz iki ýyl bäri ýurduň elektron hökümetini döretmekde strategiki hyzmatdaş bolmak bilen iki ýyl bäri ýakyndan işleşýäris” – diýip BMGÖM-nyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan “Türkmentel-2024” sergisinde ORIENT bilen geçiren söhbetdeşliginde aýtdy.
“Bu gün, agentlik bilen bilelikdäki taslamamyzyň tapgyrlarynyň biri hökmünde elektron hökümetiň esaslarynyň demo görnüşini hödürledik. Geljek ýylyň ortalarynda Türkmenistanda 10 ministrligi birleşdirýän pudagara elektron aragatnaşyk ulgamyny işe girizeris diýip umyt edýärin, ondan soň “Türkmenaragatnaşyk” bu ulgama ýene on sanysyny birikdirer” – diýip Narine Saakýan sözüniň üstüni ýetirdi.
Onuň sözlerine görä, programma üpjünçiligi eýýäm doly işlenip düzüldi, ulgam işjeň synagdan geçirilýär we şol bir wagtyň özünde bu ugurdaky hünärmenler taýýarlanýar. Bu bilelikdäki işiň netijeleri, BMGÖM-nyň rezidentiniň Türkmentel-2024 konferensiýasynda eden çykyşynda ara alnyp maslahatlaşylar. BMGÖM-nyň Hemişelik wekili “Türkmentel-2024” atly maslahatyndaky çykyşy, bu bilelikdäki işiň netijelerine bagyşlanar.
Dürli ugurlar boýunça Türkmenistan bilen özara hyzmatdaşlyk baradaky söhbetdeşligiň dowamynda BMGÖM-nyň wekiliýetiniň Daşoguz welaýatyna amala aşyran soňky sapary bellenilip geçildi.
Narine Saakýan saparyň baý mazmuna eýe bolan maksatnamasynyň çäklerinde, ol ýerde ýerli dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary we başga-da birnäçe çäreleriň geçirilendigini belledi. Esasanam olaryň arasyndan, çagalaryň we ýaşlaryň ekologiýa meselelerine innowasion çözgütleri hödürleýän eko-festiwaly aýratyn belläp geçdi.
"Daşoguz welaýaty esasanam Aral çökgünliginiň täsirini duýýandygy sebäpli, biz bu ugurda işjeň işleýäris” – diýip, Narine Saakýan nygtady, şeýle hem hünärmenleri taýýarlamagy we goraghanalary, berkitmeleri, barlag-göýberiş nokatlaryny we tokaý zolaklaryny döretmegi öz içine alýan tebigy goraghanalar bilen hyzmatdaşlygy belledi. Şeýle hem, ýerli ýaşlaryň daşky gurşaw meselesindäki başlangyçlaryna ýokary baha berdi. Ýurduň sebitlere yzygiderli baryp görmek üçin BMGÖM-iň indiki iş maksatnamasynda Lebap welaýaty bellenildi. “Ol ýerde hem bilelikde köp işleri edýäris.” – diýip, Narine Saakýan sözüniň üstüni ýetirdi.
ORIENT