Türkmenistanyň statistika edarasy statistiki hasabatlary bermegiň sanly platformasyny işe girizdi
15.11.2024 | 15:00 |Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti telekeçilere we ýuridiki şahslara statistiki hasabatlaryny elektron görnüşde bermäge mümkinçilik berýän “E-Stathasabat we işewür-registri” atly täze sanly platformasyny işe girizdi.
Täze hyzmat sbr.stat.gov.tm web-saýtynda elýeterlidir. Onuň üsti bilen ulanyjylar “Şahsy otagy” döretmek arkaly statistika edaralaryna barmazdan özleriniň resminamalaryny ugradyp bilerler. Hasabatlary ibermek üçin degişli resminamalaryň skaner enjamyndan geçirilen elektron görnüşlerini ýüklemek ýeterlikdir.
Ýalňyşlyk bar bolanda ulgam awtomatik ýagdaýda habarnama ugradyp, düzedişleri çalt girizmäge mümkinçilik berýär. Platforma täze ulanyjylar üçin ýazgy we wideo düşündirişli tehniki goldaw merkezini özünde jemläp, täze kärhanalary hasaba almak hem-de tölegleri geçirmek üçin gurallary hödürleýär.
Statistika baradaky döwlet komiteti ýurduň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmakda ulgamyň uly ähmiýete eýedigini bellemek bilen, işewürlik jemgyýetini täze hyzmatdan işjeň peýdalanmaga çagyrýar.
2007-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda döredilen Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti (TürkmenStat) statistika boýunça döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine jogapkärdir. Komitet maglumatlary toplamak we derňemek işini kämilleşdirmek hem-de sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly statistiki usulyýetleri işläp taýýarlamak bilen megullanýar. Statistika baradaky döwlet komiteti 19 edarany we 2 bölümi hem-de welaýatlardaky we Aşgabat, Arkadag şäherlerindäki Baş statsitika edaralaryny özünde jemleýär.
Şeýle-de milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” atly konseptual resminamanyň hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” esasy ugry bolup durýandygyny, şeýle hem ösen döwletleriň derejesine ýetmekde, bilimlere we innowasiýalara daýanýan ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini üpjün etmekde möhüm şert bolup durýandygyny bellemek zerur.
Tehnologiýa taýdan ösen ýurtlaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, hut sanlylaşdyrmanyň özi olaryň öňe gidişligine we dünýä liderleriniň sanawyna girmegine mümkinçilik berdi. Munuň bilen baglylyka, Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň, ministrlikleriň we pudaklaýanyň edaralaryň ýolbaşçylarynyň öňünde ählumumy tendensiýalary we hemme derejelerde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegi ýaly wezipeleri goýýar.
Döwlet Baştutany ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny, her gün çalt depginler bilen ösdürilýän sanlylaşdyrma işi üçin degişli çäreleriň alnyp barylyşyny üpjün edýän howpsuz IT- infrastrukturasynyň döredilmegini milli strategik taýdan orta möhletli ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitledi.