Sindaoda ŞHG-2024 Ýaşlar ösüş forumy geçirildi
14.11.2024 | 15:25 |Gündogar Hytaýyň Şandun welaýatynyň Sindao şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Ýaşlar ösüş forumy geçirildi. Sinhua agentiligiň habar bermegine görä, forumyň guramaçysy hökmünde Ählihytaý Ýaşlar federasiýasy çykyş etdi.
ŞHG-2024 Ýaşlar lageriniň çäklerindäki möhüm çäre hasaplanylýan şu ýylky forum “Geljek iş: Täze ösüş we endik hereketlendirijileriň döredilmegi” atly mowzuk bilen geçirildi. Ol ŞHG-niň 10 sany gatnaşyjy-ýurdundan 170-den gowrak wekillerini ýygnady: Hytaý, Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, Hindistan, Päkistan, Eýran we Belarus, şeýle hem Guramanyň synçy-ýurtlarynyň ikisi Mongoliýanyň we Owganystanyň wekilleri gatnaşdy.
Forumda ýaşlar guramalarynyň ýolbaşçylary öz ýurtlaryndaky ýaşlar hereketi barada aýdyp, ŞHG ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasynda mundan belýäk-de tejribe alyşmagy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdylar.
Çäräniň çäklerinde 2024-2025 ýyllar üçin ŞHG ýaşlaryň tejribe alyşmagy we hyyzmatdaşlygy babatda 18 taslamadan ybarat sanaw çap edilip, ol bilim, medeniýet, sport, hünärmenleri taýýarlamak, iş bilen meşgullyk we telekeçilik, ykdysady hyzmatdaşlyk we “ýaşyl” ösüş ýaly ugurlary öz içine alýar. Şeýle-de, ýaş liderleriň “Ählumumy Günorta” maksatnamasy dördildi.
ORIENT news