Iň täze habarlar

Türkmenistana ýagyşly güýz salkyn howa aralaşdy

21.10.2024 | 21:50 |
 Türkmenistana ýagyşly güýz salkyn howa aralaşdy

Bu hepde ýurduň ähli welaýatlarynyň ýaşaýjylary üçin gysga wagtlaýyn ýagyşly we salkyn güýz howasy garaşýar. Gündiz ortaça temperatura +26 gradusa ýeter.

Aşgabatda hepdäniň dowamynda az bulutly ýagyşly howa garaşylýar. Gije howa temperaturasy +5...+7 gradusa, gündiz bolsa +16...+18 gradusa ýeter. Ahal welaýaty gysga wagtlaýyn ýagynlara garamazdan güýz salkyny bilen begendirer. Gije tepmeratura +4...+9 gradusa ýetip, gündiz bolsa +18...+23 gradusa çenli maýlar.

Balkan welaýatynda ýagynlar we üýtgäp durýan bulutly howa tepmeratura üýtgemeleri bilen utgaşar. Gije +5...+10 gradusa garaşylýar, gündiz bolsa howa +14...+19 gradusa çenli maýlar. Kenarýaka etraplarda temperatura biraz pes, ýagny +11...+16 gradusa barabar bolar.

Mary welaýatynda hem gysga wagtlaýyn ýagyşlar bolup, gündiz temperatura +10...+26 gradus aralygynda üýtgäp durar. Gije temperaturasy +3...+8 gradusa ýeter.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa we ýagynlara garaşylýar. Gije temperatura +2...+7 gradus aralygynda üýtgäp, gündiz bolsa +25 gradusa çenli gyzar.

Daşoguz welaýatynda az bulutly ýagyşly howa garaşylýar. Gije temperaturasy +1...+6 gradus bolup, gündiz bolsa +18 gradusa çenli maýlar. Öňümizdäki hepde ýurduň ähli welaýtlarynda ýumşak güýz ýagynly salkyn howa döwri bolar.

ORIENT news

Foto: turkmenistan.gov.tm

Şeýle hem okaň: