Wakalar
8-nji oktýabrda Moskwada GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler
06.10.2024
|17:25
|332
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi nobatdaky mejlisi 8-nji oktýabrda Moskwada geçiriler. Döwlet Baştutanlary GDA-nyň çägindäki hyzmatdaşlyk barada pikir alyşarlar we 2025-nji ýylda Arkalaşyga başlyklyk etmek baradaky karary kabul ederler.
TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “Türkmennebit” Döwlet konserniniň önümlerine uly isleg bildirildi
05.10.2024
|08:25
|342
4-nji oktýabrda, anna güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda “Türkmennebit” Döwlet konserniniň önümlerine uly isleg bildirildi.
Katardaky türkmen ilçisiniň arap gazetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan makalasy çap edildi
04.10.2024
|10:28
|311
Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow meşhur arap gazetleriniň biri bolan “Al Sharq”-da Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli makalasyny çap etdi. Makalada diplomat Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli pudaklarda gazananalary, şeýle-de häzirki wagtda durmuşa geçirilýän iri taslamalary beýan etdi.
TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “Türkmennebit” Döwlet konserniniň önümlerine isleg bildirildi
04.10.2024
|08:51
|298
3-nji oktýabrda, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda “Türkmennebit” Döwlet konserniniň önümlerine isleg bildirildi.
Türkmenistanda BMG-niň ÝYK-niň we BSG-niň suw üpjünçiligini, sanitariýany, gigiýenany we saglygy gowulandyrmak boýunça täze taslamasyna badalga berildi
03.10.2024
|16:32
|273
Türkmenistanda BMG-niň Ýewropanyň ykdysady komissiýasynyň we BSG-niň Ýewropanyň sebit býurosynyň “Suw we saglyk meseleleri boýunça Protokolyň işiniň maksatnamasyny durmuşa geçirmek arkaly suw üpjünçiligini, sanitariýany, gigiýenany we saglygy gowulandyrmak” boýunça täze taslamasyna badalga berildi.
Meksikanyň ilkinji aýal-prezidenti Klaudiýa Şeýnbaum resmi ýagdaýda wezipesine girişdi
03.10.2024
|14:30
|428
Meksikanyň ilkinji aýal-prezidenti 62 ýaşly Klaudiýa Şeýnbaum resmi ýagdaýda Meksikanyň prezidenti wezipesine girişdi. Bu barada “TASS” habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanda Kent döwlet uniwersitetiniň şahamçasynyň açylmagy göz öňünde tutulýar
03.10.2024
|12:32
|394
Türkmenistanda Kent döwlet uniwersitetiniň şahamçasyny açmak mümkinçiligi bilim ministriň orunbasary Azat Ataýewiň we agzalan amerikan ýokary okuw mekdebiniň rektory Todd Dýakonyň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nebit-himiýa önümlerine ýokary isleg bildirildi
03.10.2024
|09:16
|381
2-nji oktýabrda, çarşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa pudagynyň önümleri satyldy.
Oktýabr aýynda Aşgabatda BMG-niň bilermenleriniň energiýa birikmesi boýunça duşuşygy geçiriler
02.10.2024
|19:40
|360
BMG-niň energiýa birikmesi boýunça bilermenleriniň duşuşygy şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Interneti dolandyrmak boýunça ählumumy maslahaty-2024 emeli aň tehnologiýalaryna gönükdiriler
02.10.2024
|15:45
|695
19-22-nji noýabr aralygynda Hytaýyň Çžeszýan gündogar welaýatynda ýerleşen Uçžen şäherinde Interneti dolandyrmak boýunça ählumumy maslahaty (WIC-2024) geçiriler. Çäre emeli aň tehnologiýalaryna gönükdirilip, “Adamlara gönükdirilen sanly geljek we bähbit üçin emeli aň – kiber giňişliginde umumy geljegi bolan bileleşigiň döredilmegi” atly mowzuga bagyşlanar.