Iň täze habarlar

Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

12.10.2024 | 21:15 |
 Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Dabarada ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň başlygy Simona-Mirela Mikulesku çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny we tutuş türkmen halkyny şanly waka bilen gutlap, şahadatnamany dabaraly ýagdaýda gowşurdy diýip, “TDH” habar berýär.

12102024-v-gorode-arkadag-ceremoniya-vrucheniya-sertifikata-yunesko (2).jpg

Dabara gatnaşyjylar Akademiýanyň binýadynda döredilen “Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri” atly ÝUNESKO klubyna baryp gördüler hem-de Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Ahalteke atçylyk sungatyny hem-de behişdi bedewleri bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek baradaky Karary 2023-nji ýylyň dekabrynda Kasane şäherinde (Botswana Respublikasy) geçirilen Hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde kabul edildi.

ORIENT news

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: