Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Päkistanyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen geldi

10.10.2024|23:10|
1157
pakistanyn-prezidenti-turkmenistana-sapar-bilen-geldi
Surat çeşmesi: Pakistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy

10-njy oktýabrda Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari sapar bilen Aşgabada geldi. Prezident Asif Ali Zardarini Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Amanow garşylady.

Asif Ali Zardari Türkmenistanyň milli şahyry Magtymguly Pyrtagynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumda çykyş eder. Sapary wagtynda Pakistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşyklar geçirmegi göz öňünde tutulýar.

10102024-prezident-pakistana-pribyl-v-turkmenistan (2).jpeg

ORIENT news