Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary özara hyzmatdaşlygyň ýollaryny beýan etdiler
12.10.2024 | 20:05 |12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde Aşgabada gelen Mongoliýanyň Daşary işler ministri Batseseg Batmunhiýn bilen duşuşyk geçirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar bu saparyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-mongol gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi nukdaýnazaryndan ähmiýetini bellediler.
Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada pikir alyşdylar diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Şeýle-de Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň ýolbaşçylygyndaky Mongoliýanyň wekiliýetiniň düýn Aşgabatda geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyna gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça döwlet Baştutanlary tarapyndan kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada Mongoliýanyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli maslahat beriş duşuşyklaryny we özara saparlar arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ylalaşyk gazananlygy bellenilýär.
ORIENT news