Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet sapary başlandy
10.10.2024 | 23:15 |Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh ilkinji döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Mongoliýanyň Prezidentini we onuň ýany bilen gelen wekiliýetini resmi adamlar şol sanda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdaýew garşylady.
Bu sapar aýratyn ähmiýete eýe, sebäbi 1992-nji ýylyň 23-nji aprelinde Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlaly bäri döwlet Baştutany derejesindäki ilkinji sapardyr.
Bu saparyň Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek we işjeňleşdirmek, ykdysady hyzmatdaşlygy baýlaşdyrmak we iki halkyň arasyndaky dostlugy berkitmek üçin möhüm ädim bolar diýlip garaşylýar.
Mongoliýanyň Prezidentiniň diwanynyň habaryna görä, saparyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň kanuny esaslaryny berkitmäge uly goşant goşjak hökümetara ylalaşyga we resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.
ORIENT news