Iň täze habarlar

Özbegistanyň Prezidenti Aşgabat şäherine geldi

10.10.2024 | 23:20 |
 Özbegistanyň Prezidenti Aşgabat şäherine geldi

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew penşenbe güni agşam Aşgabat şäherine iş sapary bilen geldi.

Howa menzilinde goňşy ýurduň Baştutanyny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Taňryguly Atahallyýew we beýleki resmi adamlar garşy aldy.

Esasy çäreler ertir, 11-nji oktýabrda bolar. Özbegistanyň lideri türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumynyň umumy mejlisinde çykyş eder.

Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, forumyň çäklerinde Şawkat Mirziýoýew ikitaraplaýyn hem duşuşyklary geçirer.

ORIENT news

Foto: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy

Şeýle hem okaň: