Iň täze habarlar

8-nji oktýabrda Moskwada GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler

06.10.2024 | 17:25 |
 8-nji oktýabrda Moskwada GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi nobatdaky mejlisi 8-nji oktýabrda Moskwada geçiriler. Döwlet Baştutanlary GDA-nyň çägindäki hyzmatdaşlyk barada pikir alyşarlar we 2025-nji ýylda Arkalaşyga başlyklyk etmek baradaky karary kabul ederler.

Şeýle hem sammitde 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk Urşunda Sowet halkynyň ýeňşiniň 80 ýyllygy bilen baglanyşykly Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryna we dünýä jemgyýetçilige ýüzlenmegi, GDA-nyň agza döwletleriniň Parlamentara mejlisiniň integrasiýa hyzmatdaşlygyny we gün tertibindäki beýleki meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy we kabul etmegi meýilleşdirýär.

Döwlet Baştutanlary ýakyn üç ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagtlaryny yglan etmek baradaky kararalara gol çekerler we hukuk pudagynda, şeýle hem howpsuzlyk pudagynda özara gatnaşyklara degişli birnäçe resminamalara üýtgetmeler girizerler diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda GDA agza döwletleriniň ýolbaşçylarynyň birnäçe beýannamasynyň hem kabul edilmegine garaşylýar.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: