Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Kazanda türkmen talyplary bilen duşuşdy

24.10.2024 | 14:16 |
 Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Kazanda türkmen talyplary bilen duşuşdy

Kazanda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewanyň Kazanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi.

Baýramgül Orazdurdyýewa türkmen talyplaryny mähirli mübärekläp, olaryň okuwlary, ýaşaýyş şertleri, daşary ýurtda okuw prosesine we ýerli medeniýete uýgunlaşmaklary bilen gyzyklandy.

Wise-premýer döwletiň öz raýatlary, hatda Watanyň daşynda bolan ýagdaýynda hem olar baradaky aladasyna ygrarlydygyny aýratyn belläp geçdi. Hususan-da, ýurduň Ýolbaşçylarynyň türkmen ýaşlaryna, olaryň hemmetaraplaýyn bilimli bolmagyna, ýokary ahlak ruhunda terbiýelenilmegine aýratyn üns berýändigi barada bellenildi.

Şeýle-de 2024-nji ýylda Türkmenistanda we bütin dünýäde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýändigi barada aýdyldy. Munuň bilen baglylykda, ähli gatnaşyjylara beýik şahyryň goşgular kitaby we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

ORIENT news

Foto: Russiýadaky Türkmenistanyň Baş konsullygy (Kazan ş.) tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: