Iň täze habarlar

Prezident Serdar Berdimuhamedow BRIKS sammitine gatnaşmak üçin Kazana bardy

23.10.2024 | 20:50 |
 Prezident Serdar Berdimuhamedow BRIKS sammitine gatnaşmak üçin Kazana bardy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow XVI BRIKS Sammitine gatnaşmak maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Bu barada TDH habar berýär.

“Bitarap Türkmenistan halkara jemgyýetçiligiň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Umumy bähbitlere laýyk gelýän deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlykdan ugur almak bilen, ýurdumyz onuň gerimini giňeltmäge açykdygyny tassyklaýar” – diýip, Döwlet habarlar agentliginiň berýän habarynda bellenilýär.

Serdar Berdimuhamedowyň nobatdaky BRIKS sammitiniň geçirilýän ýeri bolan Kazan şäherine iş sapary hem munuň aýdyň güwäsidir. Bu Türkmenistanyň Prezidentiniň BRIKS Sammitinde ilkinji gezek gatnaşmagy bolup, döwlet Baştutanymyz ýokary derejedäki bu duşuşyga hormatly myhman hökmünde çagyryldy.

Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menzilinde Serdar Berdimuhamedowy Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Soňra Türkmenistanyň Baştutany howa menzilinden – RF-yň Tatarystan Respublikasynyň Hökümetiniň Myhmanlar öýüne ugrady.

ORIENT news

Foto: brics-russia2024.ru

Şeýle hem okaň: