China Daily: Bilermenler emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmek üçin birleşýärler
23.10.2024 | 12:50 |Geçen aý Dipuo Mazibuko Hytaýa ilkinji daşary ýurt syýahatyna ugrady, ol ýerde hut özi ýurduň emeli aň boýunça gazananlaryna baha berip, Hytaý we BRIKS-yň beýleki ýurtlar bilen bu pudakda hyzmatdaşlygyň wajyplygyna has gowy düşünip bildi.
Günorta Afrika Respublikasynyň Kommunikasiýa we sanly tehnologiýa departamentiniň baha we täsir etme boýunça direktoryň orunbasary Dipuo Mazibuko Hytaýyň üç şäherinde geçirilen emeli aň tehnologiýalary /EA/ we EA-ny dolandyrmak boýunça hünärmenleri taýýarlamak Maksatnamasyna gatnaşdy.
China Daily-niň habar bemegine görä, Maksatnama Fuszýan welaýatyndaky Sýamen şäherinde ýerleşen Täze senagat özgeriş meseleleri boýunça BRIKS ýurtlaryň Hyzmatdaşlygyň innowasion merkezi tarapyndan guraldy.
“Men bu sapary Hytaýa baryp we ol ýerde bilim almagyň gowy mümkinçigi hökmünde kabul etdim, sebäbi bu ýerde bolup geçýän wakalar, esasan hem, EA pudagyndaky tehnologiýalaryň ösüşi maňa örän gyzykly” – diýip, Mazibuko belledi.
Sýamenda, Hefeýda (Anhoý welaýaty) we Pekinde 20 günlük okuwyň dowamynda ol we 16 ýurduň 29 sany beýleki wekilleri leksiýalara, seminarlara we çekişmelere gatnaşyp, şeýle hem, Hytaýyň we beýleki ýurtlaryň döwlet dolandyryşynda we dürli pudaklarynda EA-ny ulanmak mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen hytaý kompaniýalaryna baryp gördüler.
Mazibuko Maksatnamanyň nazary we amaly taraplary bilen täsirlenendigini aýtdy. “Hytaýyň tejribesi we EA babatda dünýä tendensiýalary gözümi açdy” – diýip, ol goşmaça aýtdy.
Mazibuko tehnologiýalaryň jemgyýetçilik howpsuzlygyny gowulandyrylmagyna täsir edýän Hytaýyň kiberhowpsuzlygynda EA-nyň orny ony haýran galdyrdy. Ol EA boýunça Hytaý bilen hyzmatdalyk Günorta Afrikanyň dolandyryşy kämilleşdirmek syýasatyny we standartlaryny işläp taýýarlamak üçin zerurdygyny aýratyn belledi.
Sýamenda BPIC ýolbaşçylyk edýän toparynyň Kanselýariýasynyň baş direktorynyň orunbasary Çen Szeçžao okuw maksatnamasynyň tehnologiýa innowasiýalaryny ösdürmekde halkara hyzmatdaşlyga ýardam etmäge, BRIKS ýurtlarynda, şeýle hem beýleki ösüp barýan bazarlarda EA mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilnedigini belledi. Maksatnamanyň maksady sanly boşlugy azaltmakdan, tejribe alyşmaga ýardam bermekde hem-de EA-nyň ösüşinde BRIKS ýurtlarynyň we beýleki ösüp barýan bazarlaryň we ýurtlaryň arasynda syýasaty we üstünlikli tejribeleri ýaýbaňlandyrmakdan ybaratdyr. Bu bolsa özara düşünişmegi pugtalandyrmaga hem-de EA tehnologiýalaryny we dolandyrmak mümkinçilikleri mundan beýläk-de gowulandyrmaga, şeýle-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýol açýar.
Braziliýadaky Günbatar Santa-Katarina uniwersitetiniň Işewür barlaglar maksatnamasynyň utgaşdyrjysy Juliano Danilo Spuldaro Hytaýdaky okuw oňa makro we mikro derejede belli düşünjeleri berendigini belledi. “Maksatnamada alnan bilimler – bu döwlet derejesinde EA dolandyrmagyň makro mümkinçiliklerinden EA-ny işewürlige we gündelik durmuşa ornaşdyrmagyň mikro mümkinçiliklerine çenli garaýyşdyr” – diýip, ol belledi. Spuldaro Hefeýdaky Sinhua Uniwersitetiniň Jemgyýetçilik howpsuzlyk institutynyň ýanyndaky Köpfaktorly synag platformasynyň işi barada belledi. Ol betbagtçylyklaryň öňüni almakda we onuň netijelerini gowşatmakda emeli aňyň ulanyp bolýandygyny aýdyp, jemgyýetçilik meselelerini çözmekde onuň mümkinçiligi barada belledi. Aýtmagyna görä, EA betbagtçylyklar ýaly meseleleriň çözülmeginde ulanylmaly.
Munuň bilen baglylykda, Amazonkadaky siller we tokaý ýangynlary ýaly çagyryşlarda Hytaýyň tehnologiýalary Braziliýa ýardam edip biler.
Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda BRIKS ýurtlarynyň liderleriniň EA we beýleki tehnologiýalaryň möhümdigine düşünmeklerini görkezip, olaryň ösdürilmegine bolan ygrarlyklaryny tassykladylar.
2022-nji ýylda BRIKS ýurtlarynyň 14-nji sammitiniň Pekin jarnamasy birleşegiň agzalaryny EA bilen bagly howplary we etiki gapma-garşylyklary bilelikde çözmäge, bu babatda iň gowy tejribeleri alyşmaga hem-de EA-nyň etiki we jogapkärçilikli ulanylyşyny kepillendirýän umumy dolandyryş ulgamyny işläp taýýarlamaga çagyrdy. Geçen ýyl BRIKS ýurtlarynyň 15-nji sammitiniň Ýohannesburg jarnamasy täze senagat özgerişi boýunça BRIKS Hyzmatdaşlygyny güýçlendirmekde BRIKS-iň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýän döwletleri pugtalandyrmaga we senagat ösüşini çaltlandyrmak üçin täze mümkinçilikleriniň döredilmegine bolan ygrarlyklaryny tassyklady. BPIC-den Çen Szeçžao ösüp barýan bazarlaryň we ýurtlaryň arasynda özara gatnaşyk üçin BRIKS hyzmatdaşlygynyň guraly möhüm meýdança bolup durýandygyny belledi.
Geçen ýyl BRIKS birleşigiň agza-ýurtlarynyň arasynda innowasiýalary we hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen EA-ny öwrenmek boýunça topar döretdiler. Toparyň döredilmegi EA babatda BRIKS ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny resmileşdirip we berkidip, agza-ýurtlaryň arasynda bilim we serişde alyşmak üçin düzümleýin meýdançany açyp berdi. BRIKS çäklerinde EA boýunça syýasatyň emele gelmeginde bu toparyň möhüm orun tutjakdygyna garaşylýar.
Spuldaro Hytaýyň emeli aň tehnologiýalarynyň ösüşinde liderlik üçin mümkinçilik döredengini aýtdy. BRIKS çäklerinde bu orun has ähmiýetli bolup, blogyň köp ýurtlaryna bolup geçýän tehnologiki ösüşiň yzyndan ýetmek kyn bolar. Ol EA-ny ornaşdyrmagyň dürli tapgyrlarynda ýurtlary birleşdirip biljek raýdaşlyk guralynyň döretmekligine çagyrdy. BRIKS ýurtlarynyň arasynda EA boýunça hyzmatdaşlyk diňe tehnologiýalary döretmek we onuň söwdasy bilen baglanyşykly meselesinden ybarat däl. Tehnologiýalary işläp taýýarlamak babatda beýleki ýurtlaryň mümkinçiliklerini gowulandyrmaga ýardam etmek has möhümdir. “Ýakynda geçirilen okuwyň netijesinde başga ýurtlardan gatnaşyjylar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, saparlar we gepleşikler arkaly ylmy bilmleri alyşyp bileris” – diýip, ol goşmaça belledi.
Kazanyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçysynyň maliýe-emläk meseleleri boýunça orunbasary Radik Şafigullin emeli aň boýunça bilimleri we serişdeleri birleşdirmek zerurdygyny aýratyn belledi. Spuldaro ýaly, ol hem BRIKS ýurtlarynyň EA babatda hyzmatdaşlygy öz başlangyç tapgyryndadygy bilen razylaşdy. Emma ol jemgyýetçilik lukmançylygy, howpsuzlyk we howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurlar boýunça ösdürilip bilner.
Şafigullin Russiýanyň we Hytaýyň täze tehnologiýalary işläp taýýarlamakda mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Ol BRIKS ýurtlarynyň arasynda umumy çemeleşmäniň ähmiýeti barada aýratyn belläp geçdi: “Biz umumy ugur boýunça öňe gitmeli we biri-birimiz bilen bäsdeşlikden gaça durmaly. Innowasiýalary kabul etmegimiz hem-de maglumat we tehnologiýa alyşmaga açyk bolmagymyz zerurdyr. Bilelikde biz has güýçlidiris”. Şafigullin Kazanda geçirilýän BRIKS sammitindäki maslahatlaşmalaryň agza-ýurtlaryň arasynda has ýakyn hyzmatdaşlyga getirjekdigine ynam bildirdi: “Eger-de biziň liderlerimiz umumy garaýyşlarda razylaşsalar we umumy ugur boýunça hereket etseler, onda biziň ykdysadyýetlerimiz ylalaşykda ösüdirlip bilner, bu bolsa dürli ugurlar, şol sanda emeli aň boýunça netijeli hyzmatdaşlyk alyp barmaga müminçilik berer”.
Çžou Szin