Iň täze habarlar

Hemralaryň Ýer bilen ýokary tizlikli aragatnaşygy üçin enjam işläp taýýarlanyldy

23.10.2024 | 11:59 |
 Hemralaryň Ýer bilen ýokary tizlikli aragatnaşygy üçin enjam işläp taýýarlanyldy

Russiýada hemralaryň Ýer bilen X-diapazonda ýokary tizlikli aragatnaşygy üçin enjam işläp taýýarlanyldy. Bu barada “Sitronics Group” Russiýanyň öňdebaryjy IT-kompaniýasynyň habarlar gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Işläp taýýarlama “Sitronics Group” düzümine girýän “Sputniks” hususy kompaniýasyna degişlidir.

X-diapazonyň ýokary tizlikli radio ugry älem apparatynyň maglumat ýygnaýjy enjamyndan 600-1750 Mbit/s tizlikde maglumatlary geçirmäge mümkinçilik berýär. Munuň bilen birlikde kompaniýanyň işläp taýýarlaýjylary islendik hemralarda, şol sanda iň kiçilerinde hem blogyň birikdirilmegi üçin amatly ölçeglere ýetmegi başardylar. Enjamyň agramy 15 kg azdyr.

Bu işläp taýýarlama BRICS Solutions Awards halkara bäsleşiginiň “Asman, aragatnaşyk we älem tehnologiýalary” ugry boýunça ýeňiş gazandy.

ORIENT news

Foto: e-cis.info

Şeýle hem okaň: