Iň täze habarlar

Türkmenistan we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy: Durnukly energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk

22.10.2024 | 19:50 |
 Türkmenistan we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy: Durnukly energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen ýaşyl energiýa, durnukly energetika we metanyň zyňyndylaryny azaltmak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň sişenbe günündäki habarynda bellenilýär.

Bütindünýä hökümet sammitinde öňe sürülen we Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň çäginde ileri tutulýan garaýyşlarynyň hatarynda görkezilen, ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek barada Türkmenistanyň başlangyjynyň ähmiýeti nygtaldy.

Gepleşigiň mowzuklaryndan biri BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň gün we ýel energiýasy babatda bilermenlik goldawy, şeýle hem energiýany saklamak we geçirmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak babatda özara hyzmatdaşlyk meselelerine garamak boldy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar bu ugurdaky meseleleri çözmek üçin hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar.

Dario Liguti 23-nji oktýabrda, çarşenbe güni Aşgabatda açylýan “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024” atly XXIX halkara maslahatyna gatnaşýar. Çykyş ediji hökmünde, Türkmenistanda ýaşyl energiýa geçiş we bu ugurda milli mümkinçilikleri döretmek mowzugy boýunça maslahatdan öňki gepleşikleri açar.

ORIENT news

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: