Aşgabatda ikinji türkmen-eýran syýahatçylyk festiwalynyň açylyşy
23.10.2024 | 10:35 |22-nji oktýabrda Aşgabatda ikinji türkmen-eýran syýahatçylyk festiwaly açylyp, onuň maksady Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respbulikasynyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň ösdürilmeginden ybarat.
Açylyş dabarasy iki ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň we syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekillerini ýygnady.
Türkmenistandaky Eýran Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojataba Ruzbehani döwletleriň arasyndaky taryhy we medeni gatnaşyklar barada belläp, syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçilikleriniň bardygyny aýdyp geçdi. Festiwal iki ýurduň baý medeni mirasyny şöhlelendirýän döredijilik toparlaryň çykyşlary üçin hem meýdança öwrüldi.
Gatnaşyjylar gyzykly ugurlar we makstnamalar, şeýle hem medeni çäreler we ajaýyp tebigy ýerler baradaky maglumat materiallary beýan edýän syýahatçylyk kompaniýalaryň stendleri bilen tanyşmaga mümkinçilikl aldylar.
Maksatnamanyň çäklerinde, 23-nji oktýabrda paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary “Watan” kinokonsert merkezinde sagat 18:00-da geçiriljek “Sýamaa” Eýranyň döredijilik toparynyň çykyşlaryna tomaşa edip bilerler.
ORIENT news