Iň täze habarlar

14 ˗ 16-njy noýabry aralygynda «Türkmentel – 2024» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler

24.10.2024 | 15:46 |
 14 ˗ 16-njy noýabry aralygynda «Türkmentel – 2024» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2024-nji ýylyň 14 - 16-njy noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2024» atly XVII halkara sergisini we ylmy maslahatyny geçirýär.

Forumy guraýjy topar Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralaryň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini halkara foruma gatnaşmaga çagyrýar.

Halkara forum tehnologiýalar ulgamyndaky iň uly çäreleriň biri bolup, ýurdumyzyň we düýäniň ençeme döwletleriniň innowasiýalar, «akylly» tilsimatlar we telekommunikasiýa ugry boýunça gazanan üstünliklerini görkezer. Emeli aňyň barha giň täsire eýe bolandygy nazara alnyp, emeli aň tehnologiýasynyň ösüşi babatynda tejribeler we pikirler ara alnyp maslahatlaşylar. Forumyň çäklerinde täze sanly taslamalar hödürlener. Işewürlik hyzmatdaşlyklary ýola goýlup, şertnamalar baglaşylar.

IT-tehnologiýalaryndan baş alyp çykýan türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen täze sanly çözgütleriň netijeleri yglan edilip, «Sanly çözgüt - 2024» atly innowasion taslamalarynyň bäsleşiginde ýeňiş gazanan ýaşlar gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary bilen sylaglanar.

Sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolynyň 143-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

44-90-99/91-99;

39-88-70;

39-88-81/82/83.

E-mail salgylary: techdep@telecom.tm

dfap@mincom.gov.tm

mincom@telecom.tm

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: