Hytaý deňize suw zyňyndy düzgünleşdirişi berkidýär
22.10.2024 | 15:04 |Deňiz gurşawyny goramak maksady bilen Hytaý deňize galyndy suw ýygnanmalary düzgünleşdirişi berkidýär. Bu anna güni HHR-iň Ekologiýa we daşky gurşaw ministrligi tarapyndan neşir edilen kadalaşdyryjy çärelerinden gelip çykýar diýip, Sinhua agentliginde habar berilýär.
Ozal döwlet düzgünleşdirişe, esasan, senagat suw goýberişleri hem-de şäher arassalaýjy desgalarynyň suw goýberişleri degişlidi. Geçirilen synag çärelerine laýyklykda, döwlet düzgünleşdirişlere indi deňiz ýer lagym suw goýberişleriniň ähli görnüşleri degişli edilýär.
Ministrligiň habar bermegine görä, mundan belýäk ol deňiz gurşawyna täsirini hasaba almak bilen deňiz suw goýberişleriniň toparlaýyn dolandyrmagyny, ähli prosessiň dowamynda galyndy suwlaryň ýygnanmalaryny amala aşyrar.
Şeýle-de ol deňiz suw goýberişlerini dolandyrmak we olaryň monitoringi üçin milli platformasyny kämilleşdirer, ýerli derejede gözegçiligi pugtalandyrar hem-de öz wagtynda barlaglary we bahalandyrmalary geçirer.
Kadalaryň berkidilmegi barlaglaryň dowamynda deňiz suw goýberişleriň sanynyň çalt ösüşinden soň geçirilýär.
ORIENT news