Ilkinji gezek “Space X”-yň Starlink hemra interneti Boeing 777 uçarynda işläp başlady
24.10.2024 | 13:57 |“Qatar Airways” Kataryň milli howa kompaniýasy hem-de “Space X” amerikan kompaniýasy uçar ýolagçylary üçin Starlink hemra internetini işe girizdiler.
“Space X”-yň howa gämisindäki Wi-Fi ulgamy bilen ilkinji gatnaw Boeing 777 degişli. Ol Kataryň paýtagty Dohadan Londona uçuşy amala aşyrdy.
“Space X”-yň wekilleriniň habar bermegine görä, Boeing 777 häzirki wagtda Starlink bilen enjamlaşdyrylan iň uly we iň uzak uçuşly ýolagçy uçarydyr.
Howa kompaniýasy 2025-nji ýylda Boeing 777 ähli düzümini Starlink ulgamyna birikdirmekçi. Ýolagçylar üçin bu hyzmat mugt bolar.
Şeýle hem, “Space X” kompaniýasy Starlink hyzmatlaryny üpjün etmek barada United Airlines, Hawaiian Airlines we airBaltic bilen ylalaşyklary baglaşdy.
ORIENT news