Iň täze habarlar

Bişkekde “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatyna goşandy” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi

24.10.2024 | 11:15 |
 Bişkekde “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatyna goşandy” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Bişkekdäki Türkmenistanyň ilçihanasy “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatyna goşandy” atly halkara ylmy maslahatyny we Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň tanyşdyrylyş dabarasyny gurady.

Beýik türkmen şahyryň we akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärä Gyrgyzystan Respublikasynyň daşary işler, bilim ministrleriniň orunbasarlary, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, ylmy intelligensiýa, bilermenler, syýasaty öwrenijiler we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Maslahatda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ugurlary, onuň dünýä edebiýatyna we sebitiň medeniýetine ýetiren täsiri barada maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar şahyryň şygyryýetiniň öz döwrüniň durmuş we filosfiki pikirlerini şöhlelendirýändigi baradaky barlaglary we maglumatlary bilen paýlaşdylar.

!

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda 10 döwletiň baştutanlary we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Halkara foruma aýratyn üns çekildi. Halkara forumda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň mirasynyň ynsanperwerlik we adalatlylyk esasynda halklaryň birleşmegindäki ähmiýeti barada aýrtyn belläp geçip, onuň ideýalarynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasynda ýer alandygyny we halkara hyzmatdaşlyk üçin möhüm görkeziji bolup hyzmat edýändigini bellediler.

Şeýle-de, nutuk bilen çykyş edenler indiki ýyl özara bähbtili hyzmatdaşlyk we durnukly ösüş üçin täze başlangyçlara açylyp, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenjekdigi barada aýtdylar. Bu waka eserleri bilen häzirki zaman neslini ruhlandyrmagy dowam edýän Magtymgulynyň filosofiýasynyň häzirki wagtyň hakykatlaryndaky ähmiýetini açyp görkezýär.

Malahatyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň gyrgyz diline terjime edilen saýlanan eserler ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Şahyryň belli goşgulary we eserleri kitaba girip, onuň döredijiligini gyrgyz şygyryýet söýüjilieri üçin has elýeterli etdi.

Bu neşir Türkmenistan bilen Gyrgyzystan Respublikasynyň arasynda medeni hyzmadaşlygyny saklamakda we ýaýbaňlandyrmakda möhüm goşant boldy.

Mundan başga-da, maslahatyň dowamynda häzirki zaman neşirleriň kitaplarynyň sergisi, şeýle hem türkmen suratkeşleriniň işlerini, surat eserlerini we foto suratlaryny öz içine alýan çeperçilik sergisi hem guraldy.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçihanasy tarapyndan hödürlenildi

Şeýle hem okaň: