Iň täze habarlar

Dragon Oil Türkmenistanda täze tehnologiýalaryñ kömegi bilen uglewodorod öndürmelerini ýokarlandyrar

24.10.2024 | 14:15 |
 Dragon Oil Türkmenistanda täze tehnologiýalaryñ kömegi bilen uglewodorod öndürmelerini ýokarlandyrar

“Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2024) 29-njy Halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde Dragon Oil kompaniýasynyň Baş direktory Ali Raşid Al Jarwan Orient habarlar saýtynyň korrespondentine Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, strategik taslamalar we kompaniýanyň geljekki meýilleri barada gürrüň berdi.

1

Al Jarwan türkmen hökümeti bilen köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň getirýän görnükli netijeleri kompaniýanyň sebitde ornuny berkitmäge mümkinçilik beýrändigini belledi. Ol soňky 25 ýylyň dowamynda Dragon Oil kompaniýasynyň diňe netijeleligini subut etmän, eýsem onuň nebitiň gazyp alynyşynda mümkinçiliklerini giňeldip, mundan beýläk-de ösmegi maksat edinýändigi barada aýratyn nygtap geçdi.

“Biz hemişelik esasda iş alyp barýarys – her gün, her hepde we her aý. Biziň maksadymyz – amal netijeliligini artdyrmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we uglewodorodyň öndümçilik görkezijisini ýokarlandyrmagy gazanmak” – diýip, Al Jarwan habar berdi.

Kompaniýa halkara we milli nebitgaz kompaniýalary bilen, esasan hem, gazyň alynyşy babatda täze hyzmatdaşlyklara ymtylýar. Al Jarwan täze taslamalara we hyzmatdaşlyga açyk bolan Türkmenistanyň hökümeti bilen bu özaragatnaşygy mundan beýläk-de ösdürmekde ynam bildirdi. Ol nebitgaz pudagyny ösdürmekde ýurduň ýokary kuwwatlylygy görkezýändigini belledi: “Ýurduň geljegi aýdyňdyr”.

Al Jarwan öz interwýusynda ekologiýa başlangyçlaryna aýratyn ünsi çekdi. Geljek üç ýylyň dowamynda Dragon Oil Türkmenistan tarapyndan goldanylýan täze ählumumy ekologiýa standartlaryna eýermek bilen, ugurdaş nebit gazyň ýakmalaryny doly ýagdaýda bes etmegi göz öňünde tutýar. Kompaniýa 2027-nji ýyla çenli “nol derejeli ýakmalary” (zero flaring) gazanmak isleýär, bu bolsa onuň durnukly ösüş baradaky pikirlerini we daşky gurşawyň öňündäki jogapkärçiligini beýan edýär.

“Biz strategiýany işläp taýýarlap, eýýäm zyňyndylary azaltmaga gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirýäris. Şeýle-de bu tapgyrda amal ýagdaýlaryny gowulandyrmak üçin gazyň girdejilik prosessini ýola goýmak möhümdir” – diýip belledi.

Ali Raşid Al Jarwanyň pkirine görä, OGT-2024 Maslahaty tejribe alyşmak, innowasiýalary ara alyp maslahatlaşmak we dünýä kompaniýalarynyň gazananalryny açyp görkezmek üçin möhüm meýdança boldy. Ol hem ýokary taýýarlykly hünärmenler, hem-de pudagyň ösüşiniň mümkinçilikleri bilen gönüden-göni tanyşyp bilýän talyplar üçin bu çäräniň ähmiýeti barada belledi.

ORIENT news

Foto: Orient.tm

Şeýle hem okaň: