Iň täze habarlar

Türkmenistanly talyp – Russiýadaky küşt ýaryşynyň ýeňijisi

24.10.2024 | 15:02 |
 Türkmenistanly talyp – Russiýadaky küşt ýaryşynyň ýeňijisi

Türkmenistanly talyp Soltan Myradow Kazanda bilim alýan BRIKS gatnaşyjy ýurtlaryň raýatlarynyň arasynda geçirilen küşt ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Soltan A.N.Tupolew adyndaky Kazanyň milli barlag tehniki uniwersitetiniň talyby.

Ýaryş küşt boýunça dünýä wise-çempiony, grossmeýster Sergeý Karýakinyň Küşt klubynyň açylyşy mynasybetli geçirildi. Bu Klub Russiýadaky 66-njy klub boldy.

“Umumy Russiýa” partiýasynyň jemgyýetçilik goldaw bermek ştabynda küşt klubynyň açylyşy küşt bilen meşgullanmaga, paýhas taýdan güýçli bolmaga höweslendirer. Belki-de, bu ýerde dünýäniň geljekki çempiony öz ýoluna başlar” –diýip, açylyş dabarasynda Sergeý Karýakin belläp geçdi.

Ýaryşyň ahyrynda Sergeý Karýakin 6 oýunçy bilen bir wagtda oýun tapgyryny geçirdi. Dünýä çempiony ýaryşa gatnaşyjylara kuboklary, medallary we ýadygärlik diplomlary gowşurdy.

ORIENT news

Foto: Soltan Myradow tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: