Belarus Respublikasynyň prezident saýlawlary 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwaryna bellenildi
23.10.2024 | 14:23 |Belarus Respublikasynyň prezident saýlawlary 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwaryna bellenildi diýip, BELTA habar berýär.
Bu çözgüt Wekiller Palatasynyň mejlisinde kabul edildi.
Respublikanyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Igor Karpenkonyň habar bermegine görä, Belarus Respublikasynyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Saýlaw kodeksiniň 56-njy maddasyna laýyklykda Belarus Respublikasynyň prezident saýlawlary Wekiller Palatasy tarapyndan bäş aý möhletinden az bolmadyk döwürde bellenilýär hem-de öňki prezidentiň ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanmagyna iki aýdan az bolmadyk döwür galanda ýekşenbe güni geçirilýär.
Belarus Respublikasynyň Konstitusiýasynyň 83-nji maddasyna laýyklykda prezident kasam kabul edenden soňra öz wezipesine girişýär. Täze saýlanan prezident tarapyndan kasam berlen pursatyndan başlap, öňki prezidentiň ygtyýarlyklary ýatyrylýar.
“Häzirki döwlet baştutanyň inaugurasiýasy (wezipä girişmek dabarasy) 2020-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirildi. Muňa laýyklykda nobatdaky prezident saýlawlary 2025-nji ýylyň 20-nji iýulyndan gijä galman geçirilmeli” – diýip, Igor Karpenko Esasy kanunyň saýlawlary möhletden ir geçirmäge rugsat berýändigini, emma bellenen möhletden soň geçirmegi gadagan edýändigini belledi.
ORIENT news