Türkmenistan BSG-na goşulmak ugrunda täze kanun taslamalary taýýarlanýar
14.10.2024 | 16:55 |Geçen hepde Aşgabatda Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) “Söwdada tehniki päsgelçilikler” we “Arassaçylyk we fitosanitar çäreleri” atly ylalaşyklaryň düzgünleri we ýagdaýy boýunça okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Halkara söwda merkezi bilen hyzmatdaşlykda gurnaldy we Arçabil myhmanhanasynda geçirildi.
Bu okuw maslahaty döwlet işgärlerini BSG-ä agzalygy bilen baglanyşykly çärelere gatnaşmaga taýýarlamak maksady bilen “Türkmenistan: durnuklylygy we söwda integrasiýasyny ýokarlandyrmak” atly täze maksatnamanyň bir bölegi boldy. Okuw maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar – degişli ministrlikleriň, ýokary okuw mekdepleriniň we Türkmenistanyň Mejlisinniň wekilleri ýurduň kanunçylygyny we halkara ülňülerini seljerdiler.
Mundan başga-da, “Türkmenstandartlary” Döwlet komitetiniň dolandyryş binasynda, Halkara söwda merkeziniň hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda BSG-nyň talaplaryna laýyklykda we söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek we tehniki päsgelçilikleri ýok etmek üçin “Tehniki kadalaşdyrmak” we “Standartlaşdyrma” barada kanun taslamalaryny öz içine alýan täze kanun taslamalarynyň jemleýji taýýarlygy geçirildi.
Derňewiň netijelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Mejlisiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Adalat, Saglygy goraýyş we derman senagaty, oba hojalygy, Döwlet gümrük gullugy we “Türkmenstandartlary” Döwlet komitetiniň wekilleri bilen iş maslahaty geçirildi.
Bilermenler söwda amallaryny ýönekeýleşdirmäge we milli kanunçylygy halkara ülňülerine laýyklaşdyrmaga aýratyn üns berilmelidigini nygtaýarlar. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bar bolan kanunçylyk hereketlerini seljermek we ýurduň BSG-ä üstünlikli goşulmagyny üpjün etmek üçin täze kanunlary taýýarlamak üçin işjeň işleýär.
ORIENT news