Iň täze habarlar

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilen «Geljegiň şäherleri» atly şäher häkimleriniň sammitine gatnaşdy

01.10.2024 | 09:05 |
 Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilen «Geljegiň şäherleri» atly şäher häkimleriniň sammitine gatnaşdy

30-njy sentýabrdan 1-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan guralan “Geljegiň şäherleri” atly şäher häkimleriniň sammitine gatnaşdy. Türkmen tarapyna sammitda çykyş eden Awaza etrabynyň häkimi Döwlet Jumaýew wekilçilik etdi.

Şeýle hem foruma BMG-nyň Ženewadaky edarasynyň (UNOG) baş müdiri Tatýana Walowaýa we UNECE-iň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan gatnaşdy. Gatnaşanlara BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterresiň wideo ýüzlenmesi görkezildi.

D.Jumaýew öz çykyşynda Türkmenistanyň durnukly şäher ösüşi ugrundaky üstünliklerini gürrüň berdi we durmuşyň hilini ýokarlandyrmaga we ilat üçin döwrebap şertleri döretmäge gönükdirilen üstünlikli taslamalary paýlaşdy.

01102024-turkmenistan-v-sammite-merov (2).jpg

Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek we Türkmenistanyň milli durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynda durmuşa geçirmekde alnyp barýan işleri bellenildi.

Şäher meýilnamasy we durnukly ösüş pudagynda öňdebaryjy çözgütleriň ulanylmagynyň mysaly bolan “akylly şäher” Arkadag şäheriniň taslamasyna aýratyn üns berildi.

Şeýle hem ol dynç alyş we sagaldyş üçin döwrebap infrastruktura eýe bolan Hazar deňziniň kenaryndakyn “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bilen tanyşdyrdy.

01102024-turkmenistan-v-sammite-merov (3).jpg

Türkmenistanyň wekiliýeti iki möhüm mesele – suw baýlyklaryny dolandyrmak we şäherli ýaşlaryň ösüşi boýunça halkara dialogyny başlatmagy teklip etdi: Hususan-da, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň howandarlygynda suw baýlyklaryny dolandyrmak üçin täze hukuk guraly döretmek, şeýle hem akylly Arkadag şäherinde ýaşlaryň halkara duşuşygyny geçirmek teklip edildi.

ORIENT news

Foto: BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy

Şeýle hem okaň: