Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nebit himiýasy we ýeşil senagat önümlerine isleg bildirildi

02.10.2024 | 08:46 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nebit himiýasy we ýeşil senagat önümlerine isleg bildirildi

1-nji oktýabrda, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit himiýasy we ýeňil senagat önümlerine isleg bildirildi.

Owganystanyň telekeçileri suwdan arassalanan dizel ýangyjyny satyn almak üçin “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri “B” markaly karbamidi satyn almak üçin “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni bilen geleşik ylalaşdylar.

Şeýle-de olar türkmen kompaniýalaryndan agardylmadyk matalary, tekiz reňklenen we žakkard ýumşak önümlerini satyn aldylar.

Türkiýeniň işewürleri türkmen kompaniýasyndan jins matasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Türkmen işewürleri Türkmenistanyň Dokma senagat ministrliginden agardylmadyk nah matalary satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 3 168 000 manada we 6 648 030 amerikan dollara barabar bolan 9 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: