Iň täze habarlar

Türkmenistan San-Fransiskodaky ilkinji türk festiwalyna gatnaşdy

01.10.2024 | 15:03 |
 Türkmenistan San-Fransiskodaky ilkinji türk festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistan ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Fransisko şäherinde ilkinji gezek geçirilen türk festiwalyna gatnaşdy. “Ata Watan” portalynyň habar berişi ýaly, çäre Demirgazyk Kaliforniýanyň Türk amerikan assosiasiýasy (TACC) tarapyndan guraldy.

Çärä gatnaşan myhmanlar türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň önümleri we ýurdumyzyň milli tagamlary bilen tanyş boldular.

Dabara dünýäniň iň abraýly uniwersitetleriniň biri bolan Stenford uniwersitetiniň türkmenistanly professory hem gatnaşdy.

Şeýle-de myhmanlar türk milli tagamlaryny datmaga mümkinçilik aldylar.

ORIENT news

Foto: atavatan-turkmenistan.com

Şeýle hem okaň: