Iň täze habarlar

Daşkentde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyñ agza-ýurtlarynyñ Çaga suratlarynyñ VI sergisi açyldy

30.09.2024 | 09:24 |
 Daşkentde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyñ agza-ýurtlarynyñ Çaga suratlarynyñ VI sergisi açyldy

Daşkentde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyñ agza-ýurtlarynyñ Çaga suratlarynyñ VI sergisi açyldy. "Sinhua" agentliginiñ habar berişi ýaly, sergi "Ertekiler dünýäsinde" atly mowzuk bilen geçirildi.

Açylyş dabarasyna Özbegistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyñ wekilleri hem-de meşhur sungat işgäleri gatnaşdy.

7 döwletden 3700-den gowrak döredijilik işler sergä hödürlenildi.

Bu çäre ŞHG-nyñ agza-ýurtlarynda çagalaryñ döredijilik ukyplaryny goldamak we olary ösdürmäge ýardam etmek, dil halk döredijiligine gyzyklanmalaryny artdyrmak, şeýle-de parahatçylyk, dostluk we hoşniýetlilik düşünjelerini giñden wagyz etmek, ýaş nesliñ arasynda medeni dialogy mundan beýläk-de ösdürmegine goşandyny goşmak maksady bilen geçirilýär.

ORIENT news

Foto: russian.news.cn

Şeýle hem okaň: