Iň täze habarlar

GDA agza ýurtlaryň Hökümet baştutanlarynyň geňeşi Aşgabatda 12 meseläni ara alyp maslahatlaşar

22.05.2024 | 13:01 |
 GDA agza ýurtlaryň Hökümet baştutanlarynyň geňeşi Aşgabatda 12 meseläni ara alyp maslahatlaşar

Sişenbe güni, 21-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedew bilen GDA-nyň çäklerinde geçiriljek ýokary derejeli mejlise taýýarlyk meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar 24-nji maýda, anna güni Aşgabatda GDA agza ýurtlaryň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň geçirilmegi bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerine garadylar.

Duşuşygyň gün tertibi 12 meseläni öz içine alýar. Däp bolşy ýaly, Geňeşiň agzalary dar görnüşde Arkalaşygyň çäklerindäki ykdysady gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri barada pikir alyşarlar.

Giňişleýin görnüşde energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň Konsepsiýasynyň taslamasyny we ony durmuşa geçirmek üçin ilkinji nobatdaky çäreleriň Meýilnamasyny, şeýle hem GDA agza ýurtlaryň çäginden geçýän halkara ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça Hereketleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak teklip edilýär.

Mundan başga-da, mejlisde saglygy goraýyş, himiýa senagaty, howply galyndylary dolandyrmak we intellektual eýeçilik çygryndaky hukuk bozulmalaryna garşy göreşmek babatynda birnäçe resminamalary kabul etmek meýilleşdirilýär.

Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň gün tertibinde ýene bir mesele Aşgabat şäheriniň Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleri şäheri diýlip yglan edilmegi bolar.

ORIENT news

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: