Iň täze habarlar

Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari Türkmenistan bilen aragatnaşygy giňeltmäge çagyrdy

23.07.2024 | 21:55 |
 Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari Türkmenistan bilen aragatnaşygy giňeltmäge çagyrdy

Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari Türkmenistan bilen özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlardaky gatnaşyklary has-da giňeltmäge çagyrdy.

Pakistanyň Prezidentiniň Yslamabatdaky - Aýwan-e-Sadr - resmi rezidensiýasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistan daşary işler ministri Raşid Meredow bilen geçirilen duşuşykda Asif Ali Zardari iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň sebitdäki parahatçylyga we abadançylyga esaslanýan umumy düşünje esaslanýandygyny görkezýän hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygyny aýtdy.

Pakistanyň Maglumat we radioýaýlymlar ministrliginiň metbugat bölüminiň habaryna görä Prezident, ýokary derejeli saparlaryň guralmagy bilen düşünişmegi has hem güýçlendirmek we hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky özara islegiň bardygyny hem belläp sözüniň üstüni ýetirdi.

Päkistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy gowulandyrmagyň ähmiýeti barada aýtmak bilen Pakistanyň Prezidenti, türkmen tarapynyň ünsüni Gwadar portunyň sebit söwdasyny ösdürmek üçin uly mümkinçiliklerine çekdi. Onuň pikiriçe, bu portdan Türkmenistan hem peýdalanyp biler.

Söhbetdeşlikde ähli derejelerde alyş-çalyşlary we gepleşikleri dowam etdirmek, iki ýurduň arasyndaky söwda, ykdysady, maýa goýum we medeni gatnaşyklary, şeýle hem medeni we bilim dialoglaryny güýçlendirmek zerurlygy nygtaldy. Ulag aragatnaşygynyň çäginde Owganystanyň üstünden awtoulag ýollaryny we demir ýollary gurmagyň ähmiýeti hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT news

Foto: radiogov.pk

Şeýle hem okaň: