Iň täze habarlar

TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda az kükürtli ýakyş mazudy satyldy

25.07.2024 | 15:48 |
 TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda az kükürtli ýakyş mazudy satyldy

Çarşenbe güni, 17-nji iýulda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda az kükürtli ýakyş mazudy satyldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewüleri “Türkmennebi” Döwlet Konserninden az kükürtli ýakyş mazudy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 25 935 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: