Iň täze habarlar

Geologiýa, seýsmologiýa we geofizika adalgalarynyň iňlis-rus-türkmen sözlügi neşir edildi

25.07.2024 | 15:30 |
 Geologiýa, seýsmologiýa we geofizika adalgalarynyň iňlis-rus-türkmen sözlügi neşir edildi

Türkmenistanda geologiýa, seýsmologiýa we geofizika adalgalarynyň iňlis-rus-türkmen düşündiriş sözlügi neşir edildi.

Sözlük, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty tarapyndan bilelikde durmuşa geçirilýän “Seýsmiki töwekgelçiliklere baha bermek, bolup biljek ýer titremeleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek üçin milli mümkinçilikleri güýçlendirmek” taslamasynyň çäginde taýýarlandy.

Sözlükde geologiýa, seýsmologiýa we geofizika ugurlarynda 2000-den gowrak ylmy adalgalar bar.

Üç dilde adalga bermek bilen, sözlük ýerli we halkara hünärmenleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýeňilleşdirýär we seýsmologiýada üstünlikli gözlegleri üpjün edýär.

ORIENT news

Foto: instagram.com/undp_turkmenistan

Şeýle hem okaň: