Iň täze habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen gutlady

24.07.2024 | 12:02 |
 Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen gutlady

Çarşenbe güni geçirilen telefon söhbetdeşliginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen gutlady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşde ägirt uly üstünlikleri gazanandygyny hem-de halkyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny belledi. Bu barada TDH gullugy habar berýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy dostlukly söhbetdeşligiň dowamynda Özbegistanyň Prezidentine türkmen kärdeşi Serdar Berdimuhamedowyň hem mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

ORIENT news

Foto: president.uz

Şeýle hem okaň: