Iň täze habarlar

Ilon Mask dünýäde emeli aňa öwretmek üçin iň güýçli klasteri işe girizdi

26.07.2024 | 14:58 |
 Ilon Mask dünýäde emeli aňa öwretmek üçin iň güýçli klasteri işe girizdi

Amerikaly işewür, “X” sosial ulgamynyň, “Tesla” we “SpaceX” kompaniýalarynyň eýesi Ilon Mask Memfisdäki maglumat merkezinde dünýäde emeli aňa öwretmek üçin iň güýçli topary işe girizdi.

Işe girizen klasterinde ýagny xAI startapda belleýşi ýaly, täze hasaplaýyş ulgamy GROK emeli aň modeliniň täze wersiýasyny taýýarlamak üçin ulanylar. Ol NVIDIA H100 şekil prosessorynda ulanylar.

“X topary, Nvidia we goldaw kompaniýalary Memfisdaky superklasterde ýerli wagt bilen takmynan 4:20-de tälim alyp başlamagy, xAI toparynynyň ajaýyp işi. Bir RDMA matrisa boýunça 100,000 suwuklyk bilen sowadylan H100 prosessorlary EA öwretmek üçin dünýäniň iň güýçli toparyna öwürýär” – diýip Ilon Mask X sosial ulgamynda ýazdy.

GROK 2 çatbotynyň indiki aýda, GROK 3 bolsa şu ýylyň dekabrynda çykmagyna garaşylýar.

Çeşmede bellenilşi ýaly, Ilon Maska degişli bolan täze emeli aň-klaster startap xAI başlangyjy, tizlendirijileriň sany boýunça ähli TOP500 superkompýuterlerinden ýokarydyr.

xAI ozal programma üpjün edijisi Oracle-dan emeli aňyň okuwy üçin Nvidia çiplerini kärendesine alýardy. Emma indi kompaniýa öz maglumat merkezini gurmak kararyna geldi. Täze maglumat merkezi, Oracle kompaniýasyndan has kuwwatly bolar.
Her H100 tizlendirijisiniň bahasy takmynan 30,000 dollar, eger GROK 2 öwretmek üçin 20,000 H100 ulanylan bolsa, GROK 3 gaýtadan işlemegiň güýjüni bäş esse talap edýär.

ORIENT news

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: