Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň täze Ilçisini kabul etdi

24.07.2024 | 23:55 |
 Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň täze Ilçisini kabul etdi

Çarşenbe güni, 24-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bernd Haýnsy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Germaniýanyň syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem köptaraplaýyn esasda hem üstünlikli hyzmatdaşlygy ösdürýändiklerine kanagatlanma bildirdi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup, senagat, oba hojalygy, bank işi, ulag-aragatnaşyk ulgamlary geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Lukmançylyk we saglygy goraýyşda ulgamynda uzak möhletli aragatnaşyklar netijeli hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde getirildi. Medeni we ynsanperwer dialogyň ösdürilmegiň ähmiýeti bellendi.

Bernd Haýns Mihael Birhofyň ýerine Germaniýanyň Aşgabatdaky diplomatik missiýasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellendi.

Mundan ozal Haýns Germaniýanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda we hemişelik wekilhanalarynda, şol sanda Bolgariýada, Rumyniýada, Horwatiýada, Beýik Britaniýada we Russiýada dürli diplomatik wezipelerde işledi. Germaniýanyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilmezden ozal, Germaniýanyň Moskwadaky ilçihanasynyň metbugat bölümine ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanda nemes kärhanalary durnukly, ýokary hilli önümler bilen üpjün edýän ygtybarly hyzmatdaşlar hasaplanýar. Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä 2023-nji ýylda ikitaraplaýyn söwda dolanşygynyň möçberi 220 million ýewro boldy.

ORIENT news

Foto: online.tm

Şeýle hem okaň: