Iň täze habarlar

Türkmenistan we Gazagystan syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýär

25.07.2024 | 10:05 |
 Türkmenistan we Gazagystan syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýär

Syýahatçylyk we sport ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Durdiýew bilen Syýahatçylyk we sport ministri Ýermek Maržikpaýewiň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Tengrinews internet neşiri habar berdi.

Türkmen diplomaty Türkmenistanda sport we syýahatçylyk ugurlarynda durmuşa geçirilýän birnäçe başlangyçlar we taslamalar bilen tanyşdyrdy.

Duşuşykda sport ulgamynga özara düşünişmek hakynda Ähtnamasyna gol çekilmegi teklip edildi.

Ýermek Maržikpaýew hem öz gezeginde türkmen syýahatçylaryny Gazagystanda geçirilen sergilere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

ORIENT news

Foto: e-cis.info

Şeýle hem okaň: