Iň täze habarlar

Hytaý 2024-2025-nji ýyllar üçin ŞHG-nyň nobatdaky başlygy hökmünde işe başlady

24.07.2024 | 17:31 |
 Hytaý 2024-2025-nji ýyllar üçin ŞHG-nyň nobatdaky başlygy hökmünde işe başlady

Hytaý 2024-2025-nji ýyllar üçin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) nobatdaky başlyklygyny resmi taýdan kabul etdi. Muny Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mao Nin Astanada geçirilen ŞHG sammitinden soň habar berdi.

Mao Nin, ŞHG-nyň çäk we ilat taýdan iň uly sebit guramasyna öwrülendigini aýtdy. Ol guramanyň halkara gatnaşyklarynyň täze görnüşini döretmek ugrundaky tagallalaryň mysalynda adamzat üçin umumy ykbaly bolan jemgyýet gurmagyň ýollaryny öwrenmekde möhüm nazary we amaly tejribe berendigini belledi.

Mao Niniň pikiriçe, ýakyn 12 aýyň dowamynda Hytaý ŞHG hyzmatdaşlary bilen syýasat, howpsuzlyk, ykdysadyýet we medeniýet ugurlarynda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek meýilleri bar. Hytaýyň ŞHG-nyň howpsuzlyk galkany, hyzmatdaşlygyň köprüsi, dostluk gatnaşyklary we sebitdäki döredijilik güýji hökmünde özüni doly drejede görkezjekdigini aýtdy. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary raýdaşlyk we birek-birege ynam, parahatçylyk we asudalyk, abadançylyk we ösüş, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk, dogruçyllyk we adalat öýüni gurmaga gönükdiriler diýip, Nin nygtady.

ORIENT news

Foto: news.cn

Şeýle hem okaň: