Iň täze habarlar

Şehbaz Şarif TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň çalt tamamlanmagyny goldady

23.07.2024 | 16:28 |
 Şehbaz Şarif TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň çalt tamamlanmagyny goldady

Pakistanyň Premýer-ministri Şehbaz Şarif sebitleýin hyzmatdaşlygyň we arabaglanyşygyň möhümdigini belledi we öz ýurdunyň TOPH turbageçirijisiniň çalt tamamlanmagyna ygrarlydygyny tassyklady.

Ol muny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň saparynyň dowamynda Yslamabatda bolan duşuşygynda aýtdy.

Şehbaz Şarif, daşary işler ministrleriniň ýolbaşçylygynda Pakistan-Türkmenistan ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň 3-nji tapgyrynyň geçirilmegine kanagatlanma bildirdi we iki ýurduň arasyndaky institusional mehanizmleriň arasynda yzygiderli işleşmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem ol, Pakistan bilen Türkmenistanyň arasynda söwda, ykdysady, maýa goýum we medeni gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygyny belledi.

"Pakistan Radio"-nyň berýän habaryna görä, pPremýer-ministr şu aýyň başynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygyny höwes bilen ýatlady we türkmen halkynyň Milli Liderini Pakistanda garşylamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny mälim etdi.

ORIENT news

Foto: radiogov.pk

Şeýle hem okaň: