Iň täze habarlar

Astanada geçiriljek çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlaryna 100 müň syýahatçy geler

25.07.2024 | 10:45 |
 Astanada geçiriljek çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlaryna 100 müň syýahatçy geler

Gazagystanyň paýtagty Astanada 8 – 14-nji sentýabry aralygynda geçiriljek çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlary wagtynda Gazagystanyň we dünýäniň ýurtlaryndan 100 müň syýahatçyny kabul etmäge taýýarlanýar. Bu barada çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlaryny taýýarlamak we geçirmek boýunça müdirligiň başlygynyň orunbasary Ablaý Kondybaýewe salgylanyp, Kazinform halkara habarlar gullugy habar berýär.

Gazagystana syýahaty gurnaýan iňlis kompaniýasy ähli petekleriň satylandygyny habar berdi.

Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň sport maksatnamasy 20 bäsleşik we 10 görkezme çykyşlar boýunça sport ýaryşlaryny öz içine alýar. Bularyň arasynda at çapyşygy, milli göreş görnüşleri, adaty intellektual oýunlar, söweş sungaty, ýaý atmak, el guşy bilen aw etmegiň milli görnüşleri, atly ýaryşlary we halk oýunlary bar. Şeýle hem sportyň etniki görnüşlerinde görkezme çykyşlar hem meýilleşdirilýär.

Astanada “Älem çarwadarlary” Etnoaul açylar, bu ýerde her bir myhman gazak halkynyň medeniýeti we däp-dessurlary, şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň özboluşly medeniýeti bilen tanşyp biler.

Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynda baýrak pullarynyň umumy mukdary 253 million teňňe bolar. Ol her sport görnüşi üçin aýratyn bolar.

ORIENT news

Foto: tengrinews.kz

Şeýle hem okaň: