Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çäre geçirdi

18.05.2024 | 08:05 |
 Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çäre geçirdi

Ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramynyň öňüsyrasynda 2024-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Ukrainada akkredetirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň maşgala agzalarynyň klubynyň, Ukrain diplomatlarynyň maşgala agzalarynyň klubynyň we Ukrainanyň Prezidentiniň Diwanynyň garamagyndaky Daşary ýurt wekilhanalaryna hyzmat etmek boýunça Baş döwlet kärhanasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda çäre geçirdi.

Çäräniň esasy mowzugy - Türkmen halysy. Bu baýram ata-babalarymyzyň milli gymmatlyklaryna wepalylygyň, özboluşly däp-dessurlara ygrarlylygyň we bularyň aýdyň mysaly hökmünde dünýä belli türkmen halysynyň baýramydyr.

Çärä gatnaşyjylara asyrlaryň dowamynda özüniň gymmatyny we özboluşlylygyny saklap gelýän türkmen halylary, haly dokamagyň özboluşly usullary, olaryň nesilden-nesle geçirilip, şu günlere çenli saklanyp galmagy, milli mirasymyzyň baý däpleri, halyçylyk sungatynyň ajaýyp taryhy we çeperçiligi, hem-de häzirki wagtda ýurdumyzda halyçylyk sungatyna goýulýan sarpa barada giňişleýin prezentasiýa çykyşy geçirildi.

Şeýle hem, ene-mamalarymyzdan miras galyp, nesilden nesle dowam etdirilip gelinýän haly gölleriniň diňe bir bezeg hökmünde ulanylman, eýsem türkmen halkyň asyrlara siňen şöhratly taryhydygy we bu gölleriň ýurdumyzyň sebitlere görä tapawutlanýandygy aýdyldy. Bu ajaýyp haly gölleriniň Döwlet baýdagymyzda we Tugramyzda orun alandygy we olaryň halkymyzyň milliligini, ajaýyp sungatyny, ynsanperwer ýörelgelerini aňladýandygy barada gürrüň berildi.

Şeýle hem, Aşgabat şäherindäki Türkmen halysynyň milli muzeýi, ondaky milli halyçylyk sungatynyň nusgawy we häzirki zaman eserleri, barada bellenilip, dünýäde el bilen dokalan iň uly haly hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen “Altyn asyr” halysynyň taryhy barada gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň hatarynda möhüm orun eýeleýändigini, onuň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli gymmatlyklarymyzyň daşary ýurtlarda-da uly şöhrata eýe bolýandygyny görkezýändigi barada hem gürrüň berildi.

Çäre bu ýerde guralan türkmen halkynyň milli we medeni gymmatlyklarynyň, milli lybaslaryň, keşdeçilik sungatynyň eserleriniň sergisi bilen dowam etdirildi. Sergide türkmen halylary we haly onümleri, milli egin-eşikleri, matalary görkezilip, çärä gatnaşyjylar tarapyndan uly höwes bilen görüldi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» kitabynyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ukrain diline terjime edilen kitaplarynyň sergisi hem geçirildi.

Bulardan başga-da türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň goşguar ýygyndysynyň ukrain diline terjime edilen kitaplary hem görkezildi. Çärä gatnaşyjylar 2024-nji ýylyň “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilen hem-de görnükli türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bilen bagly meýilleşdirilýän çäreler barada gyzyklandylar.

ORIENT news

Foto: ukraine.tmembassy.gov.tm

Şeýle hem okaň: