Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Kazana bardy

15.05.2024 | 22:32 |
 Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Kazana bardy

15-nji maýda, Çarşenbe güni Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” atly halkara ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Kazana bardy.

Halkara howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedowy Tatarystanyň raisi Rustam Minihanow garşy aldy diýip Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň baştutatynyň metbugat gullygy habar berdi.

1.jpg

“Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” atly halkara ykdysady forumy 14-19-njy maý aralygynda Tatarystanyň paýtagtynda geçirilip, 15-nji maýda forumyň esasy maksatnamasy başlady.

Şu gün Kazan Kremlinde Tatarystanyň raisi bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

ORIENT news

Foto: tatarstan24.tv

Şeýle hem okaň: