Iň täze habarlar

TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa pudagynyň önümlerine uly isleg görkezildi

24.04.2024 | 14:48 |
 TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa pudagynyň önümlerine uly isleg görkezildi

Sişenbe güni, 23-nji aprelde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ýurdumyzyň nebithimiýa pudagynyň önümleri uly islegden peýdalandy.

Türkmenistandan, Owganystandan, Maltadan we Birleşen Arap Emirliklerinden telekeçiler «В» kysymly karbamidi, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny hem-de az kükürtli ýakyş mazudyny satyn almak boýunça «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri bilen geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy ABŞ-nyň 28 063 000 dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz: (https://www.exchange.gov.tm/quotations).

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: