Iň täze habarlar

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde «Agzybir maşgala – jebis jemgyýet» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

19.04.2024 | 10:29 |
 «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde «Agzybir maşgala – jebis jemgyýet» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

18-nji aprelde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň mejlisler zalynda «Agzybir maşgala – jebis jemgyýet» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalaryndan we pudak edaralaryndan duşuşyga gatnaşan myhmanlar öz çykyşlarynda, türkmen ýaşlaryny gadymdan dowam edip gelýän däp-dessurlary hormatlamak ruhunda terbiýelemek barada täsirli gürrüňler berdiler.

Mundan başga-da, duşuşykda çykyş edenler raýatlaryň, şol sanda ýaşlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, ýaş nesliň döwrebap terbiýelenilmegi we döwrebap bilimi almagy üçin döredilýän şertler üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

ORIENT news

Foto: «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: