Iň täze habarlar

Gyrgyzystanda täze türkmen ilçisi akkreditasiýa edildi

07.12.2023 | 00:44 |
 Gyrgyzystanda täze türkmen ilçisi akkreditasiýa edildi

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi akkreditasiýa aldy. Respublikanyň Prezidenti Sadyr Žaparowa ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy sişenbe güni, 5-nji dekabrda ýurduň paýtagtynda ýerleşýän “Ala-Arça” Prezident kabulhanasynda geçirildi.

Dabarada türkmen diplomaty dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidentinden we Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýollan iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Sadyr Žaparow hem öz gezeginde, Türkmenistanyň halkyna we ýolbaşçylaryna mähirli salamy üçin minnetdarlyk bildirdi we ýurduň mundan beýläk-de gülläp ösjekdigine umyt bildirdi.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň DIM

Şeýle hem okaň: