Iň täze habarlar

Türkmen türgenleri küşt boýunça ýaşlaryň dünýä çempionatynda çykyş edýärler

13.11.2023 | 15:03 |
 Türkmen türgenleri küşt boýunça ýaşlaryň dünýä çempionatynda çykyş edýärler

Türkmen küştçüleri 14, 16 we 18 ýaş derejesindäki oglan-gyzlaryň arasynda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşarlar. Ol 13-25-nji noýabr aralygynda Italiýanyň Montesilwano şäherinde geçirilýär.

Bu ýaryş, dünýäniň dürli künjeklerinden gelen ýaş küştçi türgenler üçin möhüm ähmiýetli sport ýaryşlaryň biridir. Sebäbi onda ýeňiji bolanlara halkara sport ussady ýa-da FIDE-niň ussady diýen at berilýär. Çempionata 93 ýurtdan 800 töweregi adam gatnaşýar.

1.jpg

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan 17 ýaşa çenli mekdep okuwçylaryň arasynda Aziýa çempiony, rapid görnüşli küşt boýunça dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi Leýla Şohradowa, zenanlaryň arasynda milli çempion Lala Şohradowa, mekdep okuwçylarynyň arasynda Aziýa çempionatynyň medalçysy Mähri Agamyradowa, şeýle hem Sanjar Gaýbullaýew, Gurbanmyrat Rüstemow wekilçilikli çykyş edýär.

2.jpg

Çempionatda şweýsariýa oýun ulgamyna laýyklykda jemi 11 tapgyr oýnalar. Oýunlar 13-18-nji noýabr we 20-24-nji noýabr aralyklarynda geçiriler. Çempionatyň geçirilişine lichess.org ýaly dürli web-saýtlar arkaly onlaýn tomaşa edip bolar.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň küşt federasiýasy

Şeýle hem okaň: