Iň täze habarlar

Gyrgyz çopanlary italýan fermerlerine oba hojalyk däplerini gorap saklamaga kömek eder

22.09.2023 | 14:48 |
 Gyrgyz çopanlary italýan fermerlerine oba hojalyk däplerini gorap saklamaga kömek eder

Işçi güýjüniň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolan italýan fermerleri kömek sorap Gyrgyzystandaky kärdeşlerine ýüz tutdylar.

“The Financial Times”-yň habar berşine görä, Coldiretti Söwda topary Gyrgyzystanyň Zähmet ministrligi bilen Gyrgyzystanyň çopanlaryna we olaryň maşgalalaryna Italiýanyň Sardiniýa sebitlerinde işlemäge rugsat berýän şertnama baglaşdy. Bu adadaky oba hojalygynyň däpleriniň ýitmegine garşy göreşýän ilkinji synag taslamasydyr.

Gyrgyz çopanlarynyň oba hojalygynda, esasanam geçi we goýun süýdünden peýnir öndürmekde, şeýle hem atçylykda tejribesi bardyr. Bu başarnyklara, et we süýt önümçiligine, şeýle hem kenarýaka şypahanalary bilen meşhur bolan Sardiniýada ýokary baha berilýär. Şeýle hem, ýaş nesilleriň şäherlere göçmegi we Italiýanyň jemi içerki önüminde oba hojalygynyň paýynyň azalmagy sebäpli adanyň ykdysadyýeti zyýan çekdi.

Täze synag taslamasy 18 ýaşdan 45 ýaş aralygyndaky 100 gyrgyz raýatynyň Sassari, Barbažy we Sarrabus sebitlerine göçürilmegini öz içine alýar. Wizalary ilkibaşda wagtlaýyn bolar, ýöne okuw we tejribe meýilnamalaryny tamamlandan soň hemişelik bolar. Uzak möhletleýin perspektiwada müňlerçe daşary ýurtly bu sebitlere göçüp bilerler.

Coldiretti kompaniýasy "Taslama, ilatyň garramagyna we dogluş derejesiniň peselmegine täsir edýän obanyň terk edilmegine garşy göreşmegi maksat edinýär" -diýip belledi.

Italiýa beýleki Ýewropa ýurtlary bilen deňeşdirilende gaty az iş wizasyny berýärdi, ýöne bilermenler we syýasatçylar bu ýurduň oba hojalygyny goldamak üçin migrant işçilere mätäçdigini aýdýarlar. Statistik maglumatlara görä, Gyrgyzystanda işçi güýjüniň 40% töweregi oba hojalygynda işleýär we jemi içerki önümiň bäşden bir bölegini bu pudak düzýär.

ORIENT news

Foto: tazabek.kg

Şeýle hem okaň: