Iň täze habarlar

Türkmen mekdep okuwçylary Singapuryň halkara olimpiadasynda 41 medal gazandy

06.03.2023 | 21:15 |
 Türkmen mekdep okuwçylary Singapuryň halkara olimpiadasynda 41 medal gazandy

Türkmen mekdep okuwçylary, Singapurda geçirilen tebigy bilim, tehnologiýa, inženerçilik we matematika boýunça Halkara bilim olimpiadasynda (SteamCO) dürli gymmatlykdaky 41 medallara eýe boldular.

StemCo Olimpiadasy, dünýädäki mekdep okuwçylary deň-duşlary bilen bäsleşip we gözýetimini giňeldip, bilimlerini yzygiderli ýokarlandyryp biljek, özboluşly halkara platformasydyr. Bu ýyl dünýäniň 39 ýurdundan 4000 töweregi mekdep okuwçysy intellektual onlaýn bäsleşigine gatnaşdy.

Abraýly Singapur bäsleşiginde Aşgabadyň 86-njy we 97-nji ýöriteleşdirilen mekdepleriniň okuwçylary Türkmenistana wekilçilik etdiler. Çagalaryň käbiriniň olimpiada dürli dersler, ýagny himiýa, biologiýa, fizika we matematika dersleri boýunça gatnaşyp, birbada birnäçe medal alandygyny bellemek ýakymly.

3 türkmen okuwçysy altyn medallaryň eýesi bolup, 10 çaga kümüş, 13-si bürünç medallary gazandylar. Mundan başga-da, mekdep okuwçylaryndan biri Olimpiadanyň höweslendiriji baýragynyň eýesi boldy.

ORIENT news

Foto: fenix.help

Şeýle hem okaň: