Iň täze habarlar

Rus dili Russiýada migrantlar üçin salgytlary “azaldar”

25.03.2023 | 18:58 |
 Rus dili Russiýada migrantlar üçin salgytlary “azaldar”

Russiýanyň Içeri işler ministrligi rus dilini biliş derejesine baglylykda, migrantlar üçin fiziki şahslaryň girdeji salgydynyň (FŞGS) tölegini azaltmagy teklip etdi. Döwlet Dumasynda IIM-iň Migrasiýa meseleleri boýunça Baş müdirliginiň bölümiň ýolbaşçysy Walentina Kazakowa tarapyndan hödürlenen maglumatlarynda “salgydyň möçberini "beýik we kuwwatly" rus dilini biliş derejesine baglylykda, 10%-den 50%-e çenli azaltmak mümkin” diýilýär – diýip, TASS habar berýär.

Migrantlar üçin "rus dilini, Russiýanyň taryhyny we kanunçylyk esaslaryny biliş derejesine baglylykda, kesgitli töleg görnüşde öňünden tölenýän fiziki şahslaryň girdeji salgydyna arzanladyş koeffisiýentini girizmek teklip edilýär." Tölegiň möçberi dil biliminiň esaslaryndan baş çykarýan ýurduň çägine göçüp gelenler üçin 10%-den başlap, biliş derejesi gowy bolanlar üçin 20% we rus dilini suwara bilýänler üçin 50%-e golaý bolar. Baş müdirligiň ýolbaşçysynyň pikiriçe, bu çemeleşme migrantlary rus dilini öwrenmäge höweslendirer.

Walentina Kazakowa dil reýtingini girizmegi teklip etdi we uýgunlaşma döwründen (1-3 aý) soň ol pes bolsa, onda migrantlary uýgunlaşma tölegini tölemäge borçly etmeli. “Eger dil bilimi kämilleşýän bolsa, öňünden tölegiň möçberi azalyp biler, ösüş bolmasa artyp biler. Ownuk administratiw jenaýatlar edilen halatynda tölegiň möçberi gaýtadan dikeldilip bilner" – diýip, Kazakowa aýtdy.

Geljekde FŞGS-e berilýän ýeňilliklere we uýgunlaşma tölegine, mysal üçin, jemgyýetçilik işleri hem täsirini ýetirer.

ORIENT news

Foto: ТАСС

Şeýle hem okaň: